Nissan «Titan» kysymly pikap ulagyny öndürmegi bes eder

07.08.2023, 16:1615,982

Ýaponiýanyň «Nissan» kompaniýasy «Titan» kysymly pikap ulagyny önümçilikden aýyrýar diýip, motor1.com habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, bu kysymly awtoulaglaryň önümçiligi 2024-nji ýylyň tomsunda togtadylar. Şunuň bilen birlikde, onuň ornuny tutjak kysymyň ýokdugy bellenilýär.
«Nissan» kompaniýasynyň ABŞ-nyň Missisipi ştatyndaky «Titan» kysymly pikap ulagyny öndürýän zawodynyň işgärleri işden boşadylmaz, olar elektromobilleri ýygnamak boýunça bölüme geçiriler.
Bu kysymly awtoulagyň önümçilikden aýrylmagynyň esasy sebäbi bolsa alyjylar tarapyndan gyzyklanma eýe bolmazlygydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.