10-12-nji oktýabrda saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynyň halkara sergisi geçiriler

17.09.2023, 02:465,392

10-12-nji oktýabrda Söwda-senagat edarasynda milli saglygy goraýyş, bilim, ylym we sport ulgamlarynda gazanylanlara bagyşlanan halkara sergi we ylmy maslahat guralar. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Her ýyl geçirilýän sergä derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, lukmançylyk we sport enjamlaryny, bilim tehnologiýalaryny öndürýän daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy maslahata türkmen alymlary we lukmanlary, şeýle hem olaryň daşary ýurtly kärdeşleri gatnaşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.