Alymlar böwrekdäki çökündä we daşlara garşy göreşmekde öňegidişlik gazandylar

15.02.2024, 15:5311,439

ETH Zurich-iň (Şweýsariýanyň Sýurih ýokary tehniki mekdebi) we Berkelidäki  Kaliforniýa uniwersitetiniň gözlegçileri çökündiniň emele gelmeginiň öňüni alyp biljek täze örtük döretdiler. Bu barada Şweýsariýanyň ýokary okuw mekdebiniň   resmi web sahypasynda habar berildi.

Örtügiň ýüzi çökündiniň kristallarynyň emele gelmeginiň öňüni alýan mikroskopiki digir-digir ýerlikden ybaratdyr.
Bu öwrülişikli çözgüdiň dürli pudaklar üçin ähmiýeti uly bolar. Hususan-da, bu tehniki hyzmatyň çykdajylaryny ep-esli azaldar we senagat kärhanalarynda energiýa netijeliligini ýokarlandyrar. Şeýle hem bu kir ýuwýan maşynlar, suw gyzdyryjylar, kofe maşynlary we ş.m. ýaly hojalykda ulanylýan dürli enjamlaryň ömrüni uzaldar.
Täze örtük böwrekde daşyň döremeginiň we beýleki keselleriň öňüni almak üçin saglygy goraýyş pudagynda hem peýdaly bolup biler. Hakykatda, çökündi kalsiý duzlaryndan durýar we olar hem konkrementleriň bölekleri bolup biler. Täze örtük daş emele gelmek töwekgelçiligini nazaryýet taýdan azaldyp biljek çökündi  kristallarynyň emele gelmeginiň öňüni alýar.
Gözlegiň netijeleri Nature Materials žurnalynda çap edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.