Toyota şu ýylyň ahyrynda täze ykjam Land Cruiser FJ wnedorožnigini hödürlär

26.03.2024, 12:4012,600

Toyota 2024-nji ýylyň ahyrynda ykjam göwrümli Land Cruiser FJ wnedorožnigi  bilen tanyşdyrar. Modeliň ady geçen güýzde hasaba alyndy, ýöne şol wagt ramanyň ýa-da saklaýjy kuzowyň boljagy-bolmajagy näbellidi.

Land Cruiser FJ-niň gibrid ýa-da doly elektrikli modifikasiýany aljakdygy öňem çak edilýärdi. Şeýle-de bolsa, täze maglumatlara görä, ulag diňe içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bilen elýeterli bolar. Haýsy hereketlendiriji hakda gürrüň gidýändigi entek belli däl. Carscoops-yň wersiýasy boýunça, bu Land Cruiser Prado-da eýýäm ulanylýan 2,7 litrlik 2TR-FE tebigy islegli “dörtlük” bolup biler.
Geljekde Toyota elektrikli Land Cruiser krossowerini çykaryp biler. Land Cruiser Se atly konseptual wersiýasy geçen güýzde tanyşdyryldy.
Köne Land Cruiser modelleri hem elektrik energiýasyna geçer, ýöne kompaniýa entek olaryň formaty barada belli karara gelmedi. Megerem, doly täze platforma döretmek zerur bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.