Täze Toyota Avalon resmi taýdan tanyşdyryldy. Ol garaşylandan hem köp täzelenmelere eýe bolupdyr

13.07.2024, 21:0327,848
1 / 3

Hytaýda FAW Toyota bilelikdäki kärhanasy täzelenen Toyota Avalon biznes sedanyny hödürledi. Awtoulag garaşylandanam has köp üýtgeşmelere eýe bolupdyr  diýip, ITHome habar berýär.

Esasy täzelenmeler:

  • Qualcomm Snapdragon 8155 bir çip ulgamyna esaslanýan multimediýa ulgamy.
  • Täze rul we proýeksiýa ekrany.
  • Sürüjä kömek ulgamlarynyň toplumy indi esasy konfigurasiýa hem girizilipdir.
  • Dokuzynjy nesil Camry-niň täze hereketlendirijileri.

Hereketlendirijiler:

  • Esasy wersiýasy: 173 at güýji bolan 2,0 litrlik benzinli hereketlendiriji.
  • Orta aralyk konfigurasiýasy: 152 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik içinden otlanýan  hereketlendirijili gibrid elektrik güýç gurluşy we 113 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi. Ýangyjyň ortaça sarp edilişi 4,31 l / 100 km, ýöreýiş ätiýaçlygy - 1000 km.
  • Ýokarky wersiýasy: 185 at güýjüni öndürýän 2,5 litrlik hereketlendirijili gibrid güýç gurluşy we 136 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi.

Ölçegleri:

  • Uzynlygy: 4990 mm
  • Ini: 1850 mm
  • Beýikligi: 1450 mm
  • Teker bazasy: 2870 mm

Täzelenen Avalon-yň bahasy konfigurasiýa we hereketlendirijä baglylykda 24,5 müň dollardan 35,5 müň dollara çenli üýtgeýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.