Lionel Messi noýabr oýunlary üçin Argentinanyň milli ýygyndysyna çagyryldy

07.11.2024, 07:057,251

Argentinanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Lionel Skaloni noýabr aýyndaky türgenleşik ýygnanyşygy üçin milli ýygynda çagyryljak oýunçylaryň atlaryny mälim etdi.

Argentinalylar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna saýlama ýaryşynyň çäklerinde Paragwaý (15-nji noýabr) we Peru (20-nji noýabr) bilen oýnar. Sanawa Lionel Messi, Emiliano Martines, Enso Fernandes we Lautaro Martines ýaly tanymal oýunçylar-da goşuldy.

Argentinanyň milli ýygyndysynyň noýabr oýunlaryna gatnaşjak oýunçylary:

  • Derwezebanlar: Emiliano Martines, Benites, Ruli;
  • Goragçylar: Molina, Montýel, Romero, Pesselýa, Balerdi, Otamendi, Peres, Lisandro Martines, Talýafiko;
  • Ýarymgoragçylar: Enso Fernandes, Paredes, Palasios, de Paul, Mak Allister, Lo Çelso, Barreneçea, Almada, Buonanotte, Pas;
  • Hüjümçiler: Messi, Garnaço, Nikolas Gonsales, Alwares, Lautaro Martines, Kastelýanos.

Häzirki wagtda Argentina günorta amerikaly ýygyndylaryň arasynda DÇ üçin saýlama ýaryşynda birinji orny eýeleýär. Paragwaý we Peru, degişlilikde, altynjy we dokuzynjy orunlarda ýerleşýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.