1990-njy ýylda uçurylan «Habbl» kosmos teleskopy hatardan çykyp, Ýere çaklanylandan ir gaçyp biler.
NASA-nyň belleýşi ýaly, bu enjam döredilende onuň orbitadan dolandyryşsyz çykmagy we atmosfera girmegi göz öňünde tutulmady. Şol sebäpli, teleskop atmosferada weýran bolan ýagdaýynda döwük bölekler ýüzlerçe kilometre ýaýrap, teoretik taýdan hatda adam pidalaryna getirip biler.
Ozal «Habbla» kosmos gämileriniň ekipažlary hyzmat edýärdi: ony bejerýärdi we has ýokary orbita çykarýardy. Kosmos gämileriniň programmasy tamamlanandan soň, indi teleskopyň orbitasyny gözegçilikde saklamak mümkin däl. Teleskopyň aşak gaçmak prosesini Gün işjeňligi-de çaltlaşdyrýar. Ol Ýeriň atmosferasyny giňeldip, teleskopyň tormoz bermegini güýçlendirýär.
NASA-nyň bilermenleriniň soňky hasaplamalary «Habblyň» 2029-njy ýyldan 2040-njy ýyl aralygynda öz hereketini bes etjekdigini, şol bir wagtyň özünde iň mümkin bolan senäniň 2033-nji ýyl hasaplanýandygyny görkezýär. Möhletiň iň aşaky çägi ilkinji gezek hut Gün işjeňligi sebäpli şeýle aşak düşdi.
Teleskopyň orbitadan çykjak senesini takyk aýdyp bolmazlygy teleskopyň gaçjak ýerini çaklamagy hem kynlaşdyrýar. Teleskopyň döwük bölekleri onuň ýoly boýunça 350-den 800 km çenli aralyga ýaýrap biler. Ilatly sebitleriň üstünden gaçan ýagdaýynda heläkçilikli hadysanyň bolmak ähtimallygy 1:330-dan 1:31 000-e çenli diýlip hasaplanýar.
Teleskopy ummanyň ýaşalmaýan bölegine ugrukdyrmak üçin Dragon kapsulasyny ulanmak mümkinçiligi hem öwrenilýär. Häzirlikçe çözgüt kabul edilmedi, ýöne «Habbl» işlemegini we möhüm ylmy maglumatlary bermegini dowam etdirýär.