Ford kompaniýasynyň baş direktory seýrek De Tomaso Pantera sport awtoulagyny satuwa çykardy

16.04.2026, 05:472,954
1 / 4

Ford kompaniýasynyň baş direktory Jim Farley 1970-nji ýyllarda öndürilen De Tomaso Pantera sport awtoulagyny Bring a Trailer auksionynda 127 000 dollar bahadan satdy. Bu awtoulagyň özboluşlylygy - onuň taryhynda. Onuň ilkinji eýesi Ford Aerospace kompaniýasy, soňky eýesi bolsa häzirki Ford kompaniýasynyň baş direktorydyr.

Bu awtoulag uzak ýol geçdi. Ford Aerospace kompaniýasynda hyzmat edenden soň, ol 2001-nji ýylda ýapylýança köp ýyllar  Ýankee Candle muzeýinde sergilendi. 2018-nji ýylda awtoulag tanyşdyrma sürüşi wagtynda heläkçilige uçrady,  bu bolsa uly täzelenmeleriň geçirilmegine sebäp boldy. Kuzowy zawod ýagdaýyna getirildi, ýöne içki  tehniki bölekleri düýpli gowulandyryldy.

Sport awtoulagy Edelbrock-yň we Holley-iň bölek şaýlary goýlan 5,75 litrlik Kliwlend V8 hereketlendirijisi, sazlanyp bilýän amortizatorlar we täzelenen tormozlar bilen üpjün edildi. Salony ýokary hilli ses ulgamy we täze gurallar bilen doly täzelendi. Jim Farli iki ýyl eýesi bolan  döwründe sowadyş ulgamyny täzeledi we seýrek awtoulaga yzygiderli tehniki hyzmat etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.