Gazagystan üçünji ýurtlardan ýangyç import etmek üçin gümrük paçlaryny ýatyrar

Şu gün, 06:207

Gazagystan üçünji ýurtlardan, ilkinji nobatda Hytaýdan ýangyç we ýag materiallaryny getirmek üçin gümrük paçlaryny ýatyrmak meselesini işläp düzýär. Tengrinews neşiriniň habar bermegine görä, häkimiýetler içerki bazarda ýüze çykyp biljek kynçylyklar zerarly ýangyç üpjünçiliginiň ätiýaçlyk gurluşyny döretmegi maksat edinýärler.

Gazagystanyň söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Žanel Kuşukowa degişli meseläniň Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň meýdançasynda ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda Gazagystana ýangyç getirýän esasy üpjünçi Russiýa bolup durýar, ýöne ýurt üpjünçiligiň alternatiw çeşmelerine hem eýe bolmagy maksat edinýär.

Ýeňillikli düzgün benzin, dizel we awiasiýa ýangyçlaryna degişli bolup biler. Şunda üpjünçiligiň içerki bazaryň zerurlygyna bagly boljakdygy sebäpli import ediljek ýangyjyň möçberi öňünden kesgitlenmez.

Kuşukowa ýangyç ýetmezçiliginiň ýokdugyny nygtaýar. Onuň aýdyşyça, bu başlangyjyň maksady zerurlyk ýüze çykan halatynda ýangyç we ýag materiallarynyň gerekli möçberini çaltlyk bilen import etmäge mümkinçilik döretmekdir.

Şol bir wagtyň özünde, Gazagystan içerki islegleri üpjün etmek üçin yzygiderli uzaldylýan ýangyç eksportyna degişli hereket edýän çäklendirmeleri saklap galar.

Mundan ozal ýurduň hökümeti benzin, dizel we awiasiýa ýangyçlarynyň umumy gorunyň 1 million tonnadan geçýändigini habar beripdi. Şeýle hem nebit önümleriniň bikanun çykarylmagynyň öňüni almak üçin döwlet serhedinde gözegçilik güýçlendirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.