Häzirki wagtda IT telekeçileri we innowatorlar dünýäde iň baý adamlar hasap edilýär. Emma olaryň ýygnan maýasy geçmişiň hökümdarlarynyň baýlygy bilen deňär ýaly hem däldir. Çünki ol patyşalaryň, imperatorlaryň we hanlaryň häkimiýeti tutuş döwletlere ýaýrapdyr, olaryň şahsy girdejisi bolsa göni öz gözegçiligindäki ykdysadyýetiň güýjüne bagly bolupdyr.
Gysgaça aýtsak, bu sanawdaky hökümdarlaryň her biri Ilon Maskdan keminden iki esse baýdyr.
Bu hasap-hesip nämä esaslanýar?
Hökümdarlaryň baýlygynyň möçberi we bahalandyrmalary taryhçylar, ykdysatçylar hem-de ýörite neşirler (şol sanda Time we Yahoo) tarapyndan taýýarlandy. Görkezilen sanlar şertli häsiýete eýedir, olar hökümdarlaryň iň güýçlenen döwründäki ykdysady güýjüniň, serişdeleriniň we eýeçilik eden ýerleriniň gerimini, şeýle-de olaryň häzirki zaman pulundaky ekwiwalentini görkezmek üçin niýetlenendir.
Ýekaterina II (1,9 trillion dollar)

Rus imperator zenany 1762–1796-njy ýyllar aralygynda hökümdarlyk etdi we Krymyň, Polşanyň bir böleginiň hem-de Alýaskanyň birikdirilmegi netijesinde imperiýanyň çägini takmynan 800 müň kwadrat kilometre çenli giňeltdi. Time žurnalynyň maglumatyna görä, Ýekaterina II öz döwründe dünýäniň jemi içerki önüminiň (JIÖ) 5,4%-ine gözegçilik edipdir. Şeýle hem ol rus monarhlarynyň arasynda ilkinji maýadar bolan: onuň döwründe paýdarlar jemgyýetleri işjeň ösdürildi, imperator zenanyň özi bolsa, 1763-nji ýylda Ortaýer deňzinde söwda etmek üçin döredilen kompaniýanyň 20 sany paýnamasyny satyn aldy.
Aleksandr Makedonly / Isgender Zülkarneýin (2,2 trillion dollar)
Makedoniýanyň patyşasy (b.e. öňki 336–323-nji ýyllarda hökümdarlyk eden) öz baýlygyny uly basybalyjylykly ýörişler arkaly gazandy. Ol Parsystany derbi-dagyn edip, öz döwletiniň serhetlerini Ýunandan Müsüre we Hindistana çenli ýetirdi. 2012-nji ýylda neşir edilen terjimehalynda getirilýän sanlara görä, onuň basyp alan ýerleriniň bahasynyň hümmeti häzirki hasap boýunça 2,2 trillion dollara barabar bolupdyr.
Süleýman patyşa (3,9 trillion dollar)
Pygamber we Ysraýylyň hökümdary (b.e. öňki 970–931-nji ýyllar) bellibir derejede rowaýaty şahsyýet hasaplanýar. Rowaýatlara görä, ol 39 ýyllyk hökümdarlygynyň dowamynda her ýyl onuň gaznasyna 25 tonna altyn gelip durupdyr. Süleýman patyşanyň girdejileri halkara söwdadan, salgytlardan (salynýan paçlardan) we tebigy baýlyklary ulanmakdan ybarat bolupdyr.
Oktawian Awgust (4,9 trillion dollar)

Rim imperiýasynyň ilkinji imperatory b.e. öňki 31-nji ýyldan biziň eýýamymyzyň 14-nji ýylyna çenli hökümdarlyk edýär. Ol raýatlyk uruşlarynyň soňuna çykyp, Müsürdäki, Ispaniýadaky, Iudeýadaky we Reýndäki çäkleri imperiýa birikdirýär, şeýle-de salgyt ulgamyny özgerdip, paç ýygnamagy jemgyýetlere tabşyrýar hem-de döwlet gaznasy barada köpçülige hasabat berip ugraýar. Awgusta baýlygynyň uly bölegi öweý kakasy Ýuliý Sezardan miras galypdyr.
Ýuliý Sezar (5,4 trillion dollar)
Rim diktatory we serkerdesi b.e. öňki 100–44-nji ýyllar aralygynda Rim respublikasyna ýolbaşçylyk eden. Ol Galliýany basyp alýar we raýatlyk urşunda ýeňiş gazanýar, ykdysadyýeti özgerdýär hem-de umumy pul birligini girizýär. Şeýle-de ol ýylyň dowamlylygyny 365 gün edip belleýär, her dördülenji ýyla bolsa artyk gün goşup, Ýulian senenamasyny girizýär.
Faraon Amenhotep III (7,3 trillion dollar)
Gadymy Müsüriň hökümdary (b.e. öňki 1390–1352-nji ýyllar) ýurda onuň iň gülläp ösen döwründe ýolbaşçylyk edipdir. Ol kakasy Tutmos IV-niň baýlygyny miras alyp, ony uruşsyz – diňe diplomatiýa, dinastiýa nikalary, söwda we uly gurluşyklar arkaly has-da artdyrýar.
Imperator zenan U Szetýan (25 trillion dollar)

Hytaýyň taryhyndaky ýeke-täk zenan-imperator (624–705-nji ýyllarda hökümdarlyk eden) taryhda iň baý aýal hasaplanýar. Ol ýönekeý kenizlikden häkimiýetiň iň ýokary basgançagyna çenli ýetip, ýurdy ygtybarly dolandyrýar, imperiýanyň serhetlerini giňeldýär we Beýik Ýüpek ýoly arkaly Hytaýy dünýä söwdasynyň merkezine öwürýär. Onuň gözegçiliginde şol döwrüň dünýä JIÖ-siniň 22,7%-i bolupdyr, bu bolsa häzirki hasaba geçireniňde 25 trillion dollara barabardyr.
Akbar I Beýik (27,5 trillion dollar)
Beýik Mogollar imperatory (1556–1605-nji ýyllarda hökümdarlyk etdi) Hindistan subkontinentiniň uly bölegine gözegçilik edipdir, bu çäge bolsa dünýä JIÖ-siniň 25%-i degişli bolupdyr. Netijeli salgyt ulgamyny we söwda ýollarynyň gözegçiligini ýola goýan Akbar I ýygnanan serişdeleri binagärligiň hem-de medeniýetiň ösüşine gönükdiripdir.
Imperator Sun Şen-szun (32 trillion dollar)
Hytaýyň Sun dinastiýasynyň hökümdary (1067–1085-nji ýyllar) 18 ýyllyk dolandyryşynda dünýä JIÖ-siniň 30%-inden gowragyny öz gözegçiliginde saklapdyr. Ol oba hojalyk reformalaryny geçirýär, metallurgiýany we dokma önümçiligini ösdürýär, şeýle hem uly möçberde harby oljalary gola salýar.
Çingiz han (120 trillion dollar)

Bu sanawyň iň ýokary basgançagynda örän uly tapawut bilen Mongol imperiýasyny esaslandyran (1206–1227-nji ýyllarda hökümdarlyk etdi) Çingiz han durýar. Ol mongol we türki taýpalary bir imperiýanyň çäginde birleşdirýär, şeýle-de Günorta Hytaý deňzinden başlap, häzirki Russiýanyň ýewropa bölegine çenli bolan örän giň meýdanlary basyp alýar.
Çingiz hanyň goşunlary öňe gitdigiçe basyp alnan ýerleriniň bellibir bölegini paýlap berendigine garamazdan, häzirki döwrüň ykdysatçylary onuň gözegçiligindäki serişdeleri 120 trillion dollar möçberinde bahalandyrdylar. Bu bolsa oňa adamzat taryhyndaky iň baý hökümdar diýmäge doly esas berýär.