Fransiýanyň milli ýygyndysy täzelenen logotipyny tanyşdyrdy. Bu waka Zinedin Zidanyň milli ýygyndynyň baş tälimçisi wezipesine geçmeginden soň bolup geçdi. Nyşanyň üýtgedilendigi barada Fransiýanyň Futbol Federasiýasy "X" sosial ulgamynda habar berdi.
Täze nyşanda ýurduň däp bolan nyşany — galliýa horazy saklanyp galypdyr, şeýle hem «Fransiýa» diýen ýazgy goşulypdyr. FFF gysgaltmasy bolsa birneme kiçeldilipdir.

Iň soňky gezek nyşan 2018-nji ýylda, fransuzlar Russiýada geçirilen dünýä çempionatynda ýeňiş gazananlarynda täzelenipdi — şonda nyşana dünýä çempionatyndaky ikinji çempionlygy aňladýan ikinji ýyldyz goşulypdy.
Fransiýanyň Futbol Federasiýasy Zinedin Zidan bilen dört ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol baş tälimçi wezipesinde 2012-nji ýyldan bäri ýygynda ýolbaşçylyk edip gelen Didýe Deşamyň ornuny tutdy.