Braziliýanyň «Santos» kluby öz muzeýinde toparyň hüjümçisi we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir Neýmaryň býustyny oturtdy.

34 ýaşly futbolçy kakasy we maşgalasy bilen heýkeliň açylyş dabarasyna gatnaşdy hem-de «Santos» klubuna öz minnetdarlygyny bildirdi.
«Santosyň» taryhynyň bir bölegi bolmak — uly hormat! Men Biribara, maşgalama we ilkinji ädimlerimden bäri meni goldan «Santosyň» ähli janköýerlerine sagbolsun aýdýan. Biz köp-köp ýatdan çykmajak täsirli pursatlary başdan geçirdik, agyr döwürler hem boldy, ýöne siz şol pursatlarda elmydama meniň ýanymda bolduňyz» – diýip, Neýmar Instagram sahypasynda ýazdy.
Neýmar «Santos» klubunyň ýetişdiren oýunçysydyr, ol bu klubda 2013-nji ýyla çenli oýnady we 2025-nji ýylda ýene şu ýere gaýdyp geldi. Ol topar bilen bilelikde Braziliýanyň Kubogyny (2010), Libertadores Kubogyny (2011) hem-de Paulista ligasynyň çempionatyny üç gezek (2010, 2011, 2021) utdy.