ABŞ-da salmonella ýokanjy sebäpli 19 mln ýumurtga yzyna ýygnaldy

17.08.2026, 23:354,019

ABŞ-da millionlarça towuk ýumurtgasynyň yzyna ýygnalmagyna sebäp bolan salmonellez ýokanjynyň ýaýrawyna iň ýokary howp derejesi berildi. Bu barada Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edýän gulluga (FDA) salgylanyp, Fox Business teleýaýlymy habar berýär.

Iýul aýynyň ahyrynda Midwest Poultry Services kompaniýasy salmonellez ýokanjynyň düşen bolmagyndan ätiýaç edip, 19 mln ýumurtgany (12 ýumurtgaly 1,6 mln gap) yzyna ýygnady. Teleýaýlymyň maglumatyna görä, 1,5 mln-dan gowrak gapdan ybarat tapgyr yza çagyrylandan soň, FDA oňa iň ýokary howp derejesini berdi.

Ýokanjyň ýaýrap başlany eşidileli bäri 17 ştatda takmynan 98 adamda kesel ýüze çykaryldy, olaryň 26-sy keselhana ýerleşdirildi. Kesel degenleriň aglabasy Tehasda hasaba alyndy. Şeýle hem ýokanç alamatlarynyň bardygy hakda Kaliforniýanyň, Newadanyň, Arizonanyň, Nýu-Meksikonyň we başga-da birnäçe ştatlaryň ýaşaýjylary habar berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.