Stenford ýokary biznes mekdebi, «Bloomberg Businessweek» neşiriniň wersiýasy boýunça, ABŞ-nyň iň gowy biznes mekdepleriniň reýtinginde yzygiderli sekizinji gezek birinji orny eýeledi.
Baha bermeleriň netijeleri boýunça Bloomberg Businessweek 2026/27 global reýtingine, esasan, iňlis dilinde okuw alyp barýan we dünýäniň dört sebitinde (ABŞ, Kanada, Aziýa-Ýuwaş umman sebiti, Ýewropa we Ýakyn Gündogar) ýerleşýän 98 biznes mekdebi girdi. Reýtingi düzenler üçin şu ýyl esasy temalaryň biri generatiw emeli aňyň bilime, mugallymlaryň we talyplaryň işine hem-de uçurymlaryň geljekki mümkinçiliklerine ýetirýän täsiri boldy.
Seljerme talyplaryň okamak, maglumat gözlemek, keýsleri seljermek we söhbetdeşliklere taýýarlanmak üçin emeli aňy işjeň ulanýandyklaryny görkezdi. Şol bir wagtyň özünde, reýtingiň awtorlarynyň maglumatlaryna görä, olar mugallymlar we beýleki talyplar bilen janly aragatnaşygy öňküsi ýaly ileri tutýar.
ABŞ-da iň gowy bäşlige Stenforddan başga-da, Garward biznes mekdebi, Kellog menejment mekdebi, Worton biznes mekdebi we Darden biznes mekdebi girdi. Reýtingiň amerikan böleginde jemi 66 mekdep bar.
Ýewropada we Ýakyn Gündogarda Şweýsariýanyň Halkara dolandyryşy ösdürmek instituty (IMD) geçen ýylky ikinji ornundan ýokary galyp, birinji orny eýeledi. Italiýanyň SDA Bocconi mekdebi ikinji, Ispaniýanyň IE biznes mekdebi bolsa üçünji boldy.
Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde Şanhaý maliýe we ykdysadyýet uniwersiteti öňdebaryjylygyny saklap galdy. Gonkongyň ylym we tehnologiýa uniwersiteti ikinji, Bangalordaky Hindi menejment instituty bolsa üçünji boldy.
Kanadada Günbatar Ontario uniwersitetiniň Aýwi biznes mekdebi birinji orny eýeledi. Jon Molson biznes mekdebi ikinji, Kuins uniwersitetiniň ýanyndaky Smit biznes mekdebi bolsa üçünji boldy.
Reýting düzülende bilim bermegiň hili, hünär arabaglanyşyklarynyň güýji, telekeçilik işjeňligi we uçurymlaryň zähmet hakynyň derejesi göz öňünde tutuldy. Bahalar soňky we öňki uçurymlaryň, şeýle hem iş berijileriň arasynda geçirilen pikir soraşmalaryň esasynda taýýarlandy.