BMW täze X3 M50 xDrive krossowerini tanyşdyrdy

Düýn, 12:242,200
1 / 9

BMW täzelenen X3 krossowerini hödürledi. Kompaniýa onuň iň kuwwatly M50 xDrive görnüşiniň tehniki aýratynlyklaryny ýokarlandyrdy we täze nesil X3 M-iň doly derejeli modifikasiýasyny çykarmakdan ýüz öwürdi.

Esasy täzelik güýç ulgamynyň kuwwatynyň artdyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Gibrid ulgam bilen bilelikde işleýän 3,0 litrlik turbohereketlendirijiniň kuwwaty indi 443 at güýjüne deň boldy. Bu öňküsinden 45 at güýji köp bolup, M3 sedanynyň görkezijilerine deňeçerdir.

Awtoulag 100 km/sag tizlige 4,4 sekuntda ýetýär. Şeýlelikde, ol öňki modelden 0,2 sekunt çaltlaşyp, ozalky X3 M Competition-dan bary-ýogy az-kem yza galýar. Hereketlendiriji indi berk «Euro 7» ekologik kadalaryna doly laýyk getirildi.

Flagman modeli üçin Black Package bezeg toplumy hem hödürlenýär. Oňa daşky görnüşdäki garaldylan bölekler, şol sanda 22 dýuýmlyk tigir diskleri, tormoz supportlary we bezeg elementleri girýär. Awtoulagyň içi alkantara bilen örtülip, gapma-garşylykly bezeg bölekleri ulanyldy.

Üýtgeşmeler X3-iň beýleki görnüşlerini-de öz içine aldy. Olarda ulagyň içki bezeg materiallary kämilleşdirildi, yşyklandyryş ulgamy täzelendi we hereketlendirijiler täze ekologik kadalara laýyk getirildi.