Göreniňden soň ýaşasyň gelýär: Iň ruhlandyryjy 10 film saýlanyldy

05.11.2026, 20:207,067
1 / 11

Amerikanyň Collider neşiri ähli döwürleriň iň ruhlandyryjy we durmuşa bolan söýgini artdyrýan 10 filminiň sanawyny düzdi.

Sanaw düzülende tomaşaçylarda umyt we ruhubelentlik duýgusyny döredýän filmlere aýratyn üns berildi. Olaryň käbirinde çylşyrymly durmuş meseleleri gozgalýandygyna garamazdan, filmler tomaşaçynyň göwnünde ýakymly täsir galdyrýar.

Sanawyň birinji ornuna Stenli Donen bilen Jin Kelliniň «Ýagşyň astynda aýdym aýdýanlar» (Singin' in the Rain) atly nusgawy mýuzikli mynasyp boldy. Neşiriň bellemegine görä, bu film, hatda mýuziklleri halamaýan tomaşaçylaryň hem keýpini göterip bilýär.

Sanawa aşakdaky filmler girizildi:

  1. «Ýagşyň astynda aýdym aýdýanlar» (Singin' in the Rain, 1952. Rež. Stenli Donen we Jin Kelli) — Golliwudda bolup geçýän özgerişler we islendik ýagdaýda ruhubelentligi saklamak baradaky mýuzikl;

  2. «127 sagat» (127 Hours, 2010. Rež. Denni Boýl) —ýaşaýşa bolan güýçli ymtylyş we aman galmak ugrundaky göreş barada täsirli waka;

  3. «Şouşenkden gaçyş» (The Shawshank Redemption, 1994. Rež. Frenk Darabont) — hatda tussaghananyň diwarlaryna hem per bermeýän umyt barada drama;

  4. «Arslan patyşa» (The Lion King, 1994. Rež. Rojer Allers we Rob Minkoff) — ulalmak, durmuş jogapkärçiligini boýnuňa almak baradaky nusgawy multfilm;

  5. «Harri Sallä duşanda...» (When Harry Met Sally..., 1989. Rež. Rob Raýner) — ýyllar geçse-de dowam edýän söýgi we dostluk hakynda romantiki komediýa;

  6. «Marsel — köwüşli balykgulak» (Marcel the Shell with Shoes On, 2021. Rež. Din Fleýşer-Kemp) — özi kiçi bolsa-da, ýüregi uly gahryman barada täsirli dokumental äheňli animasion film;

  7. «Paterson» (Paterson, 2016. Rež. Jim Jarmuş) — gündelik durmuşyň pessaý akymly poeziýasyny açyp görkezýän oýlandyryjy film;

  8. «Içki dünýä» (Inside Out, 2015. Rež. Pit Dokter) — ruhy deňagramlylygy saklamak üçin ähli duýgulary kabul etmegiň zerurlygy barada Pixar studiýasynyň düşüren multfilmi;

  9. «Ajap günler» (Perfect Days, 2023. Rež. Wim Wenders) — adaty gündelik işlerden we ýönekeý zatlardan bagt tapmaga çagyrýan film;

  10. «Bu ajaýyp durmuş» (It's a Wonderful Life, 1946. Rež. Frenk Karpa) — her bir ynsan ömrüniň gymmatyna ünsi çekýän Täze ýyl ýordumy.

Neşir haýsy filmiň ruhlandyrjagynyň tomaşaçynyň şahsy tejribesine we garaýşyna baglydygyny belleýär. Muňa garamazdan, sanawa giren filmleriň ählisi tomaşaçylaryň kalbynda ýagty duýgulary oýarýar.