Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi distribýutory güýzki aksiýany yglan edýär

05.11.2026, 12:426,202

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi distribýutory bolan TCA kompaniýasy Toyota we Lexus awtoulaglarynyň ählisi üçin ýörite güýzki serwis aksiýasyny geçirýär. Aksiýa 2026-njy ýylyň 30-njy noýabryna çenli Toyota-nyň resmi dilerlerinde — «Garagum Ulag» we «Beýik Ýüpek Ýoly» merkezlerinde hereket edýär.

Aksiýanyň çäginde awtoulag eýeleri 10 sany esasy ugur boýunça mugt tehniki barlagdan geçip, indiki serwis hyzmatyna sowgat serwis wauçerini alyp biler.

Mugt tehniki barlaga aşakdakylar degişli:

  • sowadyş we ýyladyş ulgamy;
  • hereketlendirijiniň sowadyş ulgamy;
  • akkumulýator;
  • aýna süpürijileri;
  • hereketlendirijiniň ýagy;
  • howa süzgüji;
  • hereketlendirijiniň kemerleri;
  • tormoz ulgamy;
  • tekerler;
  • yşyklandyryş ulgamy.

900 manatlyk serwis wauçeri diňe bir gezek ulanylyp bilner. Üns beriň, wauçer serwis merkezine baryp görlenden 24 sagat soň işjeňleşýär we 2026-njy ýylyň 30-njy dekabryna çenli ulanylyp bilner.

Aksiýa Toyota we Lexus awtoulaglarynyň ählisine degişlidir. Aksiýadan peýdalanmak üçin Türkmenistandaky Toyota-nyň resmi dilerlerine ýüz tutmak zerurdyr.

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri:

«Garagum Ulag»

  • Aşgabat ş., Oguzhan köç. (Aýtakow), 7/A 
    Tel.: 43 70 57, +993 65 11 37 74

  • Balkanabat ş., M37 ýoly, 52-nji bina («Balkan Gaz Üpjünçiligi» kärhanasynyň ýany) 
    Tel.: +993 62 87 05 55

«Beýik Ýüpek Ýoly»

  • Aşgabat ş., Hoja Ahmet Ýasawy köç., 39 
    Tel.: 76 10 42, 76 10 33/32

Güýz awtoulagyňyzyň tehniki ýagdaýyna aýratyn üns bermegiň tüýs wagtydyr. Toyota Turkmenistan ähli Toyota we Lexus awtoulaglarynyň eýelerini bu aksiýadan peýdalanmaga we ýolda özlerini has ynamly duýmaga çagyrýar.