Günüň ýüzünde ägirt koronal deşik emele geldi: indi magnit hadysalaryna garaşylýar

Düýn, 10:265,099

Günüň ýüzünde şu ýylyň iň uly koronal deşikleriniň biri emele geldi. Günden çykýan ýokary tizlikli ýeliň akymy 6-njy noýabrdan 7-nji noýabra geçilýän gije Ýere ýetmeli. Netijede, birnäçe günüň dowamynda Ýeriň magnit meýdanynda üýtgemeler bolup biler. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos barlaglary institutynyň (IKI) we Gün-Ýer fizikasy institutynyň (ISZF) Gün astronomiýasy barlaghanasy habar berdi.

Koronal deşigiň ölçegi, takmynan, bir mln kilometre barabar. Alymlaryň pikiriçe, Ýer azyndan bäş günüň dowamynda, ýagny indiki hepdäniň ortalaryna çenli gün ýeliniň akymynyň täsirine düşer.

Häzirki çaklamalara görä, iň güýçli magnit hadysalary 7-nji noýabra geçilýän gije bolup biler. Olaryň soňraky güýji plazma akymynyň hakyky häsiýetlerine bagly bolar. Ýeriň magnit meýdanynyň doly durnuklaşmagyna bolsa 13–14-nji noýabrda garaşylýar.

5-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 23:33-de Günde M3.6 derejeli alawlama bolup geçdi. Bu soňky dört hepdäniň içinde hasaba alnan iň güýçli alawlamadyr. Ol magnit işjeňligi iň ýokary derejä degişli bolan Beta-Gamma-Delta toparyndaky 4566 belgili gün tegmilleriniň arasynda ýüze çykdy.

Alymlaryň bellemegine görä, alawlamanyň ýüze çykan zolagy Ýere tarap gönükdirilen ugra ýakyn ýerleşýär. Şonuň üçin Günden zyňlan plazmanyň Ýere ýetmek ähtimallygy bar. Ýöne häzirlikçe şeýle plazma zyňyndysynyň bolandygyny tassyklaýan alamatlar ýüze çykarylmady.