Volkswagen-iň rul bilen bagly näsazlyk sebäpli yzyna çagyran ulaglarynyň sany 2,5 milliona ýetdi

Şu gün, 14:30691

Volkswagen kompaniýasy rul ulgamynda näsazlygyň ýüze çykmak howpy sebäpli, Hytaýda goşmaça 610 müň töweregi awtoulagyny yzyna çagyrar. Şeýlelikde, bu yzyna çagyryş kampaniýasyna degişli bolan awtoulaglaryň sany dünýäde 2,6 milliona golaýlady diýip, AutoHome neşiri belleýär.

Munuň sebäbi bu ulgama çygyň düşmegi arkaly rul mehanizmini berkidýän boltuň poslamagy bilen bagly bolup biler. Bolta zeper ýetmegi rul dolandyryşynyň bölekleýin ýa-da doly ýitmegine getirip biler. Hytaýyň degişli gözegçilik edarasy bolsa meselä has seresaply çemeleşip, onuň sebäbi hökmünde mehanizmiň işinde belli bir derejede ýüze çykyp biljek bökdençlikleri görkezýär.

Hytaýda yzyna çagyryş Volkswagen Golf, Touareg, Teramont, Teramont X, Viloran we Lamando modellerini, şeýle hem Audi Q6 we Q3 awtoulaglaryny öz içine alýar. Volkswagen modelleri 2014-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2022-nji ýylyň tomsuna çenli, Audi modelleri bolsa 2018-nji ýylyň iýun aýyndan 2026-njy ýylyň sentýabr aýyna çenli öndürilipdir.

Yzyna çagyryş kampaniýasyna degişli awtoulaglaryň arasynda iň köp paý Audi Q3 modeline düşýär — takmynan, 388,3 müň sany. Ikinji orunda bolsa 117 müňe golaý awtoulag bilen Volkswagen Teramont ýerleşýär.

Kampaniýa degişli awtoulaglaryň ählisinde poslama has durnukly täze bolt oturdylar. Bu çäre ozalky boltda poslama yzlarynyň bardygyna ýa-da ýokdugyna garamazdan geçiriler.