Tisianyň känbir belli bolmadyk awtoportreti ilkinji gezek Londonda satuwa çykaryldy. Onuň başlangyç bahasy, takmynan, 2 mln dollar (£1,5 mln) diýlip kesgitlenildi. Mundan iki ýyl öň bolsa, bu surat Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 69,85 müň dollara satylypdy.
Bu eser Dickinson galereýasynda italýan ussady Tisianyň flamand mekdebiniň iki suratkeşine ýetiren täsirine bagyşlanyp guralan «Titian, Rubens, Van Dyck» atly sergide görkezilýär.
Kiçijik göwrümli surat, çaklamalara görä, Tisianyň döredijiliginiň giçki döwrüne degişlidir. Ýöne onuň awtory baradaky mesele henizem ylmy çekişmelere sebäp bolýar. Eseriň Tisiana degişlidigi hakyndaky çaklamany, 2009-njy ýylda amerikaly sungaty öwreniji Ewerett Feýhi öňe sürdi. Şol döwürde surat Fransiýadaky hususy kolleksiýadan tapylypdy.

2024-nji ýylda surat «Tisiana degişli hasaplanýar» diýen düşündiriş bilen satyldy. Şondan soň hünärmenler eseri arassalap, rentgen arkaly barladylar we gaýtadan awtorlygy dikeltme işini geçirdiler.
Tisianyň awtorlygyny goldaýan sungat taryhçylarynyň arasynda Piter Hamfri, Nikolas Penni we Ien Kennedi hem bar. Eger bu degişli çykarma tassyklansa, eser suratkeşiň ykrar edilen üç awtoportretiniň birine öwrüler. Beýleki iki awtoportret Berlindäki Surat galereýasynda we Madriddäki Prado muzeýinde saklanýar.
Suratyň takyk döredilen senesi hem entek jedelli: hünärmenler onuň 1546–1547-nji ýyllar bilen 1560-njy ýylyň aralygynda çekilendigini çaklaýarlar.