Mercedes-Benz ulagyň depesindäki gary üfläp aýyrýan ulgamy oýlap tapdy

05.11.2026, 18:114,322
1 / 2

Mercedes-Benz ulagyň depesindäki gary gysylan howanyň kömegi bilen arassalaýjy ulgamy işläp düzdi. Degişli patent arzasy Germaniýanyň Patent edarasy tarapyndan çap edildi.

Inženerler pnewmatiki pürküjini ulagyň üçegine hem-de onuň çarçuwalaryna oturtmagy teklip etdiler. Uniwersalyň shemasynda öň we yzky gapylaryň golaýynda dört enjam – her tarapynda ikisi görkezilýär. Pürküjiler stasionar ýa-da süýşürilýän ýagdaýda gurnalyp bilner.

Ulgam düwmä basmak arkaly işe girizilip, onda howa akymy üçegiň gapylaryň açylýan ýerine golaý gyralaryna gönükdirilýär. Bu taslama gapy açylanda garyň salona girmeginiň öňüni almak üçin niýetlenendir.

Mercedes-Benz heniz patent barada düşündiriş bermedi we bu tehnologiýanyň köpçülikleýin öndüriljek ulaglarda ýola goýuljakdygyny hem mälim etmedi.

Şu ýylyň sentýabrynda Tesla-nyň lazer arkaly aýna arassalaýan ulgam üçin patent arzasyny berendigi aýdylypdy. Bu tehnologiýa adaty aýna süpürgiçleriniň ornuny tutmak üçin niýetlenendir.