Awazada meşhur aýdymçylar konsert bilen çykyş ederler

12.08.2019, 00:355,789

Birinji Hazar ykdysady forumy tamamlanandan soňra, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň merkezinde açyk asmanyň astynda foruma gatnaşyjy döwletleriň meşhur aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçiriler, diýip Arzuwnews habar berýär.
Konsertde rus estradasynyň ýyldyzlary Nýuşa, Sergeý Lazarew, Zara, Wolga, şeýle hem Astrahan döwlet aýdym we tans ansambly çykyş eder. Azerbaýjandan Raşad Ilýasow we Samira Ýefindiýewa çykyş eder. Eýranyň milli medeniýetini Madjid Aşhabi, Hamed Mahzarniýa açyp görkezer. Gazagystana Adilhan Makin, Altynbek Aýgerim wekilçilik eder.
Türkmenistanly sungat ussatlary hem milli aýratynlyklarymyzy wagyz edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirerler. Sahnada Jemal Saparowa, Nurýagdy Rejepow, Sahydursun Hojakowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew, Parahat Amandurdyýew, Ahmet Atajanow we Azat Dönmezow çykyş ederler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.