Paramount Pictures kinostudiýasy baş keşbi Jonni Deppiň ýerine ýetirmeginde «Ebenezer» filminiň ilkinji treýlerini çykardy. Filmiň dünýä premýerasy 2026-njy ýylyň 13-nji noýabryna meýilleşdirildi.
Bu film Çarlz Dikkensiň «Roždestwo aýdymy» powestiniň ekranlaşdyrylmasydyr. Režissýor hökmünde Taý West çykyş etdi. Jonni Depp Ebenezer Skrujyň keşbini ýerine ýetirdi. Sýužet boýunça üç arwah gahrymany geçmişe we öz husytlygynyň netijelerine gaýtadan göz aýlamaga mejbur edýär.

Filme Deýzi Ridli, Ien Makkellen we Rupert Grint hem gatnaşdy.
«Ebenezer» filmi 2022-nji ýylda Ember Herd bilen bolan kazyýet işinden soň Jonni Deppiň gatnaşmagynda ilkinji uly Holliwud premýerasy bolar. Şol wakadan soň aktýor, esasan, «Žanna Dýubarri» ýaly ýewropa taslamalarynda işläpdi, şeýle hem hudožnik Amedeo Modilýani barada «Modi: Telbeligiň ganatynda üç gün» filmini düşürdi. 2026-njy ýylda onuň gatnaşmagynda ýene bir Holliwud filminiň — «Serhoş» trilleriniň çykmagyna garaşylýar.