Aşgabatdaky Fransuz instituty Açyk gapylar gününi geçirýär

11.09.2019, 23:314,568

14-nji sentýabrda Aşgabatdaky Fransuz instituty täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli isleg bildirýänleriň ählisini Açyk gapylar gününe çagyrýar, diýip Orient habar berýär.
Bu çärä gatnaşyjylar Fransiýanyň medeniýeti bilen ýakyndan tanşyp bilerler, merkeziň mugallymlary we administrasiýasynyň wekilleri bilen gürrüňdeş bolup bilerler. Institut tarapyndan geçirilýän dürli çäreler hakynda maglumat alyp bilerler.
Mysal üçin, şu ýylyň mart aýynda Institutda Frankofoniýa halkara bäsleşigi geçirildi. Onuň ýeňijileri Fransiýada iki hepdelik okuw kurslaryna gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.