Şäher häkimligi jemagat hyzmatlary üçin ekologiýa awtoulaglaryny satyn alar

28.11.2019, 17:056,355

Aşgabat şäheriniň häkimligi jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ýöriteleşdirilen awtoulaglary, ätiýaçlyk şaýlaryny, zir-zibil gutularyny we konteýnerlerini satyn almak barada Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «ITS Investment & Trading Services AG» kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar aldy.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyza edilýän jemagat-durmuş hyzmatlarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak, paýtagtymyzy dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmek, şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.
Bilermenleriň bellemegine görä, täze awtotehnikalar kuwwatlylygyň hem-de ekologiýalylygyň utgaşmasy bilen tapawutlanýar. Awtoulag serişdeleriniň hereketlendirijileri tygşytlylyk hem-de ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara talaplaryna laýyk gelýär.
Paýtagtymyzyň jemagat hojalygy gullugynyň material-tehniki binýadynyň berkidilmegi şäherimiziň abadançylygyna we ýollardyr howanyň arassalygyna ýardam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.