Türkmen halyçylyk sungaty — ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna girdi

14.12.2019, 11:374,189

Türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt 12-nji dekabrda Bogotoda geçirilýän ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 14-nji mejlisinde kabul edildi, diýip ORIENT habar berýär.
Türkmenistanyň bu baradaky arzasy Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň bahalandyryş topary tarapyndan biragyzdan makullanyldy. Däp bolan türkmen halyçylyk sungaty baý taryha eýe bolup, biziň günlerimizde hem ähmiýetini ýitirmän gelýär. Haly we haly önümleri türkmen halkynyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 
Mundan öň, adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli aýdym we tans sungaty bolan «Küştdepdi», «Görogly» şadessany, Nowruz baýramyny bellemek däpleri girizildi.
ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komiteti öz işini 14-nji dekabrda tamamlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.