BSGG Hytaý koronawirusyny häzirlikçe «halkara derejeli adatdan daşary ýagdaý» diýlip ykrar etmedi

25.01.2020, 17:526,879

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasy Hytaýda koronawirusyň öň ýüze çykarylmadyk görnüşi sebäpli dörän pnewmaniýa keseliniň ýaýramagyny halkara derejeli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etmekden häzirlikçe saklanýar.
BSGG-niň baş direktory Tedros Adhanom Geýbreýesusyň aýtmagyna görä, bu häzir Hytaý üçin adatdan daşary ýagdaý. Heniz ol global derejeli adatdan daşary ýagdaý derejesine geçenok. Şol bir wagtda Hytaý hökümeti 25-nji adamyň aradan çykandygyny habar berdi. Ol Hytaýyň Russiýa bilen serhetleşýän Heýlunszýan welaýatynda aradan çykdy, diýip Interfaks habar berýär.
Henize çenli mälim bolmadyk 2019-nCoV koronawirusy bilen kesellänleriň sany 800 adamdan geçdi. Kesellänleriň içinde esasan — Hytaýyň ýaşaýjylary bar, şeýle hem bu kesel Tailandda, Ýaponiýada, Günorta Koreýada, ABŞ-da, Gonkongda, Singapurda, Taýwanda, Makaoda, Wýetnamda, Saud Arabystanynda ýüze çykaryldy.
BSGG dünýä saglygy goraýyş ulgamynda adatdan daşary ýagdaýy bäş gezek yglan etdi: 2009-njy ýylda doňuz dümewi we poliomielit zerarly; 2016-njy ýylda Zikiň ýokanjy zerarly; 2014-nji we 2019-njy ýyllarda Günbatar Afrikada we Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola keseli zerarly.
Hytaýyň saglygy goraýyş boýunça milli komissiýasy ýokanjyň adamdan adama geçip bilýändigini tassyklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.