Jastin Biber soňky 59 ýyl Elwis Preslä degişli bolan saz rekordyny täzeledi. NME-niň habar bermegine görä, aýdymçynyň täze “Changes” albomy Billboard amerikan çartynda ýokary derejä düşdi, şeýlelik bilen Jastin taryhda iň ýaş artist boldy, onuň ýedi albomy Amerikada hit-paradyň birinji setirini eýeledi.
Presli 1961-nji ýylda, 26 ýaşynda özüniň rekordyny goýupdy: şonda çartyň başky setirlerini onuň ýedinji albomy “Blue Hawaii” eýeledi. Biber häzirki wagtda 25 ýaşynda, onuň relizi ilkinji gezek 16 ýaşynda mahaly, ýagny 2010-njy ýylda reýtingi esaslandyrdy, bu Jastiniň “My world 2.0” atly ilkinji albomydy.
Intermedia şuny hem belläp geçýär: “Changes” albomy 2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda çykdy we ol bäş ýylyň içinde onuň ilkinji relizi boldy. Oňa 16 sany original trek we “Yummy” aýdymynyň remiksi girdi.
Beýik Britaniýada Biber hit-paradda iki gezek lider boldy, ol hem “Changes” (2020) we “Believe” (2012) albomlary bilen, ýöne onuň aýdymlary ol ýerde ýedi gezek “birinji belgili” bolupdy.
Jastin Biber Elwis Presliniň rekordyny täzeledi
27.02.2020, 09:088,523