Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy

25.04.2020, 23:293,098

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «Jeýkob Ferdezuçt GBR» atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob Geb.Şraýnere we Wengriýanyň ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti Ýožef Gýula Nýeke. «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly at dakyldy.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu baýraklar atçylygy ösdürmäge goşan saldamly goşantlaryny, türkmeniň milli baýlygy we guwanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohumlyk we önümçilik sypatlaryny saklamakda hem-de şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlaryny, hünär ussatlyklaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.