2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi yglan edildi

26.04.2020, 22:4412,781

2020-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýlip, Gerden we Owadan diýen atlaryň nesli bolan Gyrsakar diýen gara bedew yglan edildi. Bu bedew Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir. Onuň seýisi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Mämmetmyrat Gazakow.
“Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan baş baýrak - Audi Q8 awtoulagyň açary gowşuryldy.
Atyň seýisi gymmat bahaly baýrak hem-de ýelden ýüwrük behişdi bedewleriň ösdürilip ýetişdirilmegine ägirt uly üns berýändigi üçin Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallygyny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.