Ahalteke bedewiniň keşbini sungatda beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

26.04.2020, 22:593,824

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bu täsin tebigy gözelligi sungatda çeper beýan etmek ugrundaky döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi.
Bu bäsleşikde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýraklar şu ýeňijilere: haly suratkeşi, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýewe—“Bagtyýarlygyň mekany” atly Türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly eseri üçin 3 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zergär mugallymy Şazada Orazberdiýew —“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýen Türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary zergärçilik işi üçin 2 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň grafika kafedrasynyň müdiri Parahat Gapançaýewe —“Parasat” atly Türkmen bedewiniň iň gowy nakgaş eseri üçin 1 müň 500 amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň 6-njy ýyl talyby Patdyk Patdykowa --“Bitaraplygyň mekany” atly Türkmen bedewiniň iň gowy heýkel eseri üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde; “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň foto-habarçysy Hasan Magadowa —“Ýüwrük bedewler” atly Türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi – kalendar foto işleri üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň teleoperatorlar bölüminiň teleoperatory Alekseý Koçetowa—“Ganatly bedewler” atly Türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion wideoşekili üçin 1 müň amerikan dollary möçberinde pul baýraklary gowşuryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.