Koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin BSGG ýylyň ahyryna çenli 1,7 mlrd dollar gerek bolar

08.05.2020, 15:418,066

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň täzelenen meýilnamasyna laýyklykda, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin 2020-nji ýylyň ahyryna çenli gurama 1,7 mlrd dollar möçberinde maliýeleşdirme gerek bolar. Bu barada penşenbe güni Ženewada geçirilen diplomatik brifingde BSGG-niň baş direktory Tedros Adanom Gebreýesus belledi. Onuň çykyşynyň teksti guramanyň metbugat gullugy tarapyndan ýaýradyldy, diýip Trend agentligi TASS-a salgylanyp habar berýär.
«Kesele garşy jogap bermek üçin taýýarlyk görmek hem-de hereket etmek boýunça täzelenen strategik meýilnama laýyklykda, BSGG 1,7 mlrd dollar gerek bolar» diýip T.Gebreýesus belledi. Bu meýilnama 2020-nji ýylyň ahyryna çenli meýilleşdirilip, onda esasy üns «BSGG-niň hususy operasiýalary üçin zerur bolan serişdelerde jemlenýär».
BSGG-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, bu resminama ýakyn günlerde neşir ediler. Ol «düýpli ulgamlarda, şol sanda iberme zynjyrlarynda ählumumy we sebit utgaşdyrmasynda BSGG-niň ornuny güýçlendirmeklige» gönükdirilendir. Garaşylyşy ýaly, gurama «koronawirusa garşy göreşmekde saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan çärelerde hökümetlere ýardam etmegini mundan beýläk hem dowam eder».

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.