Aşgabatda Konstitusiýa we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi

17.05.2020, 23:344,158

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş» atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
Çykyşlarda Esasy Kanunymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, döwlet taglymatyny, syýasy köpdürlüligi hem-de köppartiýalylygy kemala getirmekde eýeleýän orny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň we ylmy-tehniki syýasatyň esasy ugurlary beýan edildi.
Maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany N.German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Alihil dagy çykyş edip, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişine ýokary baha berdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.