Oraza baýramy mynasybetli Türkmenistanda dynç güni 25-nji maýa geçirildi

22.05.2020, 22:546,370

Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Oraza baýramy 2020-nji ýylyň 24-nji maýynda belleniler.
2020-nji ýylyň 24-nji maýyndaky dynç güni bolsa 25-nji maýa — duşenbe gününe geçiriler.
Resminamada bellenilişi ýaly, bu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.