25-nji maýda «Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergisi geçiriler

24.05.2020, 23:424,740

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli 25-nji maýda medeni çäreleri we «Ak şäherim Aşgabat» atly ХIХ köpugurly halkara sergisini geçirmeklik meýilleşdirilýär.
Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Söwda-senagat edarasynyň guraýan halkara sergisinde paýtagtymyzyň ýeten derejesi, onuň ösüşiniň geljekki ugurlary öz beýanyny tapar hem-de dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlener.
Giň gerimli gözden geçiriliş şähergurluşyk maksatnamasy, halk hojalyk toplumynyň paýtagtymyzyň senagat, medeni we aň-bilim mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýan dürli pudaklarynyň hem-de düzümleriniň alyp barýan işi bilen tanyşmaga şert döreder.
Köpugurly sergi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň iň wajyplarynyň birine öwrüler. Bu şany sene we okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk konserti hem-de köpçülikleýin baýramçylyk dabarasy göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.