Türkmenistanyň Bilim ministrligi resmi saýtyny işe girizdi

03.06.2020, 23:389,496

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi täze resmi saýtyny işe girizdi. Salgysy www.education.gov.tm bolan bu saýtda ministrligiň alyp barýan işi, taslamalary, kararlardyr görkezmeleri barada maglumatlar neşir ediler.
Täze saýtda esasy sahypa we 6 sany içki sahypalara eýedir. Saýtyň bölümleri şulardan ybarat: «Ministrlik», «Çäreler», «Resminamalar», «Raýatlaryň ýüz tutmalary», «Metbugat gullugy», «Habarlaşmak üçin». Baş sahypada soňky täzelikler, bilim bilen bagly boljak özgertmeler we baýramçylyklar, şeýle hem fotoreportaž berilýär.
Häzirki wagtda saýt türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.