«Sport» teleýaýlymynyň täze başlygy bellenildi

04.06.2020, 23:486,513

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Saparguly Muhammetgurbanowiç Öwezberdiýew Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň baş redaktory Annamyrat Çaryýewiç Geldyýew bu teleýaýlymyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.