Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary wagtlaýyn ýatyrylýar

15.07.2020, 13:1136,255

Şu günden ― 15-nji iýuldan başlap, Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary wagtlaýynça çäklendirildi. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi öz resmi saýtynda habar berdi.

Bu çäklendirme arassalaýyş we zyýansyzlandyryş işleriniň geçirilmegi bilen baglydyr. Saýtda habar berlişi ýaly, diňe «Arçman», «Mollagara», «Daşoguz» we «Baýramaly» şypahanalaryna awtobus gatnawlary amala aşyrylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.