Saglygy goraýyş ministrligi türkmenistanlylary özbaşdak bejergi alman, lukmanlara ýüz tutmaga çagyrdy

21.07.2020, 02:3231,924

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi ýurduň raýatlaryny "howada tozan bölejikleriniň köpelmegi sebäpli howa faktorlarynyň tebigy we ekzogen täsiri bilen baglanyşykly" nähoşlygyň ilkinji alamatlary ýüze çykanda professional lukmançylyk kömegini almaga çagyrýan bildiriş ýaýratdy.

Şeýle hem, bildirişde Aşgabatda ýüz tutup boljak iki sany ýörite edara – Halkara iç keselleri merkezine we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Bejeriş-maslahat beriş merkezine (halk arasynda "Nyýazow adyndaky" diýlip tanalýan) görkezilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.