Türkmen Lideri Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi

30.07.2020, 07:0911,651

29-njy iýulda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi. Döwlet Baştutany welosipedli gezelenjiň dowamynda daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady.

Belläp geçsek, şu ýylda Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk beren «Welosiped» binasy açyldy.
Türkmen Lideri şu binanyň açylyş dabarasynda bu taryhy wakanyň häzirki we geljekki nesillerimizde şatlykly duýgulary hem-de unudylmajak täsirleri galdyryp, ilatymyzda bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak endiklerini ösdürmek, saglygy we ruhubelentligi berkitmek ugrunda Garaşsyz Watanymyzyň geljegine gönükdirilen işdigini belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.