Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygy barada Karara gol çekildi

26.09.2020, 00:0620,385

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş goraglylygyny güýçlendirmek barada” Karara gol çekdi.

Saglygy goraýyş işgärlerini höweslendirmek we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda möhüm ugurlaryň biri diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şeýle-de, Gurbanguly Berdimuhamedow “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň täze neşirini işläp düzmek möhüm diýip belledi we degişli ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri bu ugurda anyk teklipleri bermäge çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.