AstraZeneca koronawirusa garşy sanjymyň synaglaryny Ýaponiýada dowam edýär

03.10.2020, 08:063,875

Täze koronawirus ýokanjyna garşy Oksford uniwersiteti tarapyndan "AstraZeneca" iňlis-şwed derman kärhanasy bilen bilelikde döredilen sanjymyň synaglary Ýaponiýada gaýtadan ýola goýlar. Bu barada kompaniýanyň anna güni beren beýanatyna salgylanyp, TASS habar berýär.

"Täze koronawirusa garşy sanjymyň kliniki synaglary Ýaponiýanyň Derman serişdelerine we lukmançylyk enjamlaryna gözegçilik gullugy bilen maslahatlaşylandan soň, Ýaponiýada gaýtadan başlandy"-diýlip, beýanatda aýdylýar.

Şeýle hem: "AstraZeneca" ABŞ-da synaglary dowam etdirmelidigine ýa-da däldigine karar bermek üçin zerur maglumatlary öwrenmek prosesini ýeňilleşdirmek maksady bilen Azyk we derman serişdeleriniň hili boýunça müdirligi (FDA) bilen işleşmegini dowam etdirýär" diýlip, kompaniýanyň beýanatynda bellenilýär.
Ýaponiýa ozal "AstraZeneca" we Amerikanyň "Pfizer" derman kärhanasy bilen olaryň synag sanjymlaryny ugratmak boýunça şertnama baglaşypdy. Şertnama laýyklykda, bu derman kompaniýalary ýurdy 120 million dozada derman bilen üpjün etmeli bolarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.