Russiýada koronawirusa garşy ikinji sanjym bellige alyndy

15.10.2020, 07:106,543

Nowosibirskiniň “Wektor” merkeziniň koronawirusa garşy ikinji rus sanjymy “EpiWakKorona”  bellige alyndy diýip, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin habar berdi. Muny RIA Nowosti ýetirýär. 

Wise-premýer Tatýana Golikowa “EpiWakKoronanyň” ygtybarlydygyny, ilkinji 60 müň dozanyň ýakyn wagtda öndüriljekdigini aýtdy.  Saglygy goraýyş ministrliginiň maglumatlaryna görä, serişdäni 1-nji ýanwardan köpçülikleýin dolanyşyga girizmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet baştutanynyň aýtmagyna görä,  T.Golikowa bilen Rospotrebnadzoryň ýolbaşçysy Anna Popowa kliniki barlaglaryň çäginde täze sanjym edilen ilkinjileriň biridir.
Bu COVID-19-yň öňüni almak üçin Russiýanyň eýýäm ikinji serişdesi, “Sputnik V” atly birinji serişde awgust aýynyň ortalarynda bellige alyndy. Mundan başga-da, RYA-nyň Çumakowa adyndaky Barlaglar we immunobiologiki serişdeleri taýýarlamak merkezinde janly sanjymy döretmek boýunça işler dowam edýär.
“Wektoryň” sanjymy düzüminde wirus böleklerini – sintetiki peptid antigenlerini saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Olara esaslanýan sanjym koronawirusa garşy immun täsirini döredýär we immunitetiň has-da berkemegine ýardam berýär. Sanjymyň kliniki synaglary 100 meýletinçide geçirildi.  Merkeziň bu bellige alnyşdan soňky synaglaryna Russiýanyň dürli sebitlerinden 40 müň meýletinçiniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.