ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi tassyklanyldy

24.10.2020, 23:254,078

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň düzümi hem-de bu topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bellenilişi ýaly, bu resminama Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bu guramanyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.