«Türkmenaragatnaşyk» Türkmenistanda radioýaýradyş toruny giňeltmek üçin enjamlary satyn alar

25.10.2020, 12:426,886

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda radioýaýradyş toruny giňeltmek üçin zerur bolan FM radioýaýradyjy enjamlaryny satyn almak, gurnamak we işe girizmek barada Awstriýa Respublikasynyň «Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar aldy.
Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.