Türkmenistanda metjitleriň işine çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

30.10.2020, 14:1319,836

Ýiti ýokanç keselleriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň metjitleriniň işine girizilen çäklendirmeleriň möhleti uzaldylýar.

Şunuň bilen baglylykda, dini edaralaryň — metjitleriň, zyýarat edilýän ýerleriň iş 1-nji dekabra çenli çäklendirilýär, diýip Türkmenistanyň müftüligi habar berýär.
Ýatladyp geçsek, ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleri hökmünde dini edaralaryň işiniň çäklendirilmegi şu ýylyň iýulynda girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.