Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby hytaý dilinde tanyşdyryldy

31.10.2020, 12:014,105

Türkmenistanyň Ilçihanasy “PetroChina” kompaniýasynyň ýardam bermeginde Hytaý Halk Respublikasynyň Milli Nebit we Gaz Korporasiýasynyň (KNK) baş edarasynyň Kunlun kabul ediş zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hytaý diline terjime edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri, HHR-nyň Daşary işler ministrliginiň Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary departamentiniň başlygynyň orunbasary hanym Liu Jinpin, HHR-iň Türkmenistandaky täze Ilçisi Sian Naýçen, KNK-nyň wise-prezidenti - “PetroChina” kompaniýasynyň prezidenti Duan Lianweý, Hytaýyň Döwlet energetika müdirliginiň wekilleri, Daşary ýurtlar bilen dostluk jemgyýetiniň wekilleri, alymlar we KHBS wekilleri gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýazylan “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitap KNK tarapyndan amala aşyrylan hytaý dilinde ilkinji akademiki neşirdir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.