Türkmenistan derman önümçiliginiň depginini artdyrýar

01.11.2020, 21:5811,816

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda Türkmenistan derman önümçiligini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3% ýokarlandyrdy. Bu barada Statistika baradaky döwlet komitetine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň 1-nji oktýabryna çenli derman önümleriniň ätiýaçlyklary, olaryň ýylyň başyndaky mukdary bilen deňeşdirilende, 14% ýokarlandy.
Derman senagaty pudagyny ösdürmekde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlary Hindistan bilen Belarus hasaplanylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.