Türkmenistanyň döwlet edaralarynda zyýansyzlandyrmak üçin ultramelewşe şöhleleri peýdalanylar

26.11.2020, 07:4517,854

Ýokanç keselleriň öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň ministrliklerinde we pudaklaýyn edaralarynda zyýansyzlandyryjy we öňüni alyş çärelerini geçirmek üçin ultramelewşe şöhleleri (bakterisid çyralary) peýdalanylar. Bu barada ORIENT habar berýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, ultramelewşe şöhleleri eýýäm bedene ornaşan wirusy ýok edip bilmeýär, emma ol howadaky wiruslary ýok etmäge we otagy zyýansyzlandyrmaga ukyplydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.