Bitaraplyk we Täze ýyl baýramlary mynasybetli baýramçylyk söwdalary guralar

27.11.2020, 08:1917,398

Baýramçylyk harytlaryna bolan sarp edijilik isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy we Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalaryny gurar.

Bu çäre şu ýylyň 10-njy dekabryndan 31-nji dekabry aralygynda geçiriler. Baýramçylyk söwdalarynyň göçme nokatlary paýtagtymyzda we welaýatlarda ýerleşýän 45 sany bazarda guralar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.